Özbek häkimiýetleri şu ýylyň birinji ýarymynda 86,3 müň raýaty daşary ýurtlarda resmi iş bilen üpjün etdi diýip, “Fergana” neşiri resmi maglumata salgylanyp habar berýär.
Bu maglumat Özbegistanyň parlamentiniň Kanunçylyk palatasynda, “Milliý Tiklaniş” partiýasynyň Zähmet, saglygy goraýyş we durmuş meseleleri komiteti bilen bilelikde geçiren giňeldilen mejlisinde aýan edildi.
Özbek tarapynyň 17 ýurduň we 22 halkara guramasynyň wekilleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň çäginde iş wizasy üçin kwotalaryň sanyny köpeltmegi hem-de daşary ýurtlaryň 129 sany iri kärhanasy bilen şertnama baglaşmagy başarandygy bellenildi.