Russiýanyň Goranmak ministrligi 146 rus ýesiriniň ýurda gaýdyp gelendigini we 146 ukrain ýesiriniň ukrain häkimiýetlerine geçirilendigini habar berdi.
Uruş ýesirlerinden başga, Kursk sebitiniň Ukrainanyň çäginde ýerleşýän sekiz ýaşaýjysy Russiýa gaýdyp bardy. Rus ombudsmeni Tatýana Moskalkowa olaryň "2025-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Sumide saklanýandygyny" aýtdy.
Rus harby edarasynyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Birleşen Arap Emirlikleri ýesirleriň alyş-çalyş edilmegine araçylyk etdi.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski ýesirleriň alşylandygyny tassyklady. Ol bu alyş-çalyşyň çäginde 2022-nji ýylyň mart aýynda Kiýew sebitinden alnyp gaçylan žurnalist Dmytro Hiliukyň hem Ukraina gaýdyp gelendigini aýtdy.
Şeýle-de, Zelenski "Ukrainanyň alyş-çalyş gaznasyny doldurýan" harbylara minnetdarlyk bildirdi.