“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çärelerden soň ýönekeý adamlaryň köp garaşan dynç alyş möwsümi geçen hepdäniň 5-nji güni açyldy, ýerli halkyň deňiz ýakasynda dynç almak mümkinçiligi mundan öň beýle derejede çäklendirilmändi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Bu ýagdaý myhmanhanalardaky ‘para işdäsini’ ýokarlandyrdy diýip, çeşmeler aýdýar.
Bu möwsümde adamlar “Awazada” bary-ýogy 12 gün dynç alyp bilýärler, sentýabrda tomusky kanikul tamam bolýar, mekdeplerde okuw başlanýar, çagalary bilen ýylyň dowamynda bir gezek deňiz kenarynda bolmak, körpejeleriň göwnüni awlamak isleýän ene-atalar bu pursatdan peýdalanjak bolýar diýip, Azatlygyň çeşmesi aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, wagt çäkliligi myhmanhanalara bolan isleg-talabyň birden ýokary galmagyna getirdi we, Türkmenistanda bu hili ýagdaýlar hökman korrupsiýanyň, parahorlugyň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.
Degişli maglumat "Awaza" gyssagly bejerilýär, işe çydamadyklar öýüne 'boş gaýdýar'“Myhmanhanalarda otag üçin soralýan paranyň mukdary 20 müň manada çykdy, forum bahanasy bilen, halkda isleg artdy. Bu sezonda adamlar “Awazada” jemi 12 gün bolup bilýär, sentýabrda iş başlanýar. Tomusky kanikul gutarýança gelip ýetişmedikler dynç almak mümkinçiligin ýitirýär” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
"Iň gysga" dynç alyş möwsümi
Aýdylmagyna görä, deňziň suwy maý, iýun aýlarynda suwa düşmek üçin sowuk boldy, iýul aýynda we awgust aýynyň 19-yna çenli bolsa, “Awazany” forum sebäpli ýapdylar.
“Adamlar 19-njy awgustdan 31-nji awgusta çenli aralykda “Awazada” dynç alarys diýen umyt bilen gelýärler, ýöne, gynansak-da, bu ýerdäki dynç alyş diňe baý adamlar üçin elýeterli. Hatda myhmanhanalaryň gabadynda deňiz suwuna düşmek üçin hem otel administrasiýasyna 150 manat para bermeli” diýip, bir raýat aýtdy.
Metbugat habarlaryndan belli bolşy ýaly, Hazar deňziniň suwy soňky onýyllyklarda yzygiderli çekilýär we, ýerli hünärmen muny “iň gynandyrýan zat” diýip atlandyrdy.
Awaza, awgust, 2025.
“Deňiz suwy çekilip, deňiz porty tasdan doly ýapyldy. Her hepde gazuw işleri geçirilýär, diňe kiçi ýahta we katerler ýüzer ýaly çuňlukda, uly parahorlary[ gatnawy tasdan doly togtadyldy, diňe Gyýanlydaky, Guwlumaýakdaky nebit tankerleri üçin gurlan beketde iki-ýeke gämi hereket edýär” diýip, hünärmen aýtdy.
“Ikinji gynandyrýan zat”, söhbetdeşimiziň pikirine görä, Türkmenistanda çuňlaşýan ykdysady krizis, gurply adamlar bilen eli ýuka maşgalalaryň arasyndaky tapawudyň her ýylda ulalmagy bilen bagly.
“Awazada diňe gurply telekeçiler, häkimlik işgärleri, beýleki para alýan adamlaryň maşgalalary, ýakynlary daşary ýurtlarda işläp, gowuja pul ugradyp bilýän maşgalalar dynç alyp bilýär, adaty adamlar dynç alyp bilmeýär” diýip, hünärmen aýtdy.
Bahalar ýokarlanýar, deňiz ýönekeý adamlar üçin eleýterli däl
Şol bir wagtda, çeşmeleriň tassyklamagyna görä, durmuşyň beýleki ugurlarynda bolşy ýaly, “Awazadaky” bahalar hem yzygiderli ýokarlanýar.
Degişli maglumat Ýaşaýjylar "Awazanyň" şu ýyl 'halk üçin ýapylmak' ähtimallygyndan alada galýar“Geçen ýyldaky baha bilen deňeşdirsek, standart nomeriň döwlet bahasy geçen ýyl 1 adam üçin 180 manat bolan bolsa, şu ýyl 290 manat möçberinde kesgitlendi. Geçen ýyl 2 ýa-da 3 müň manat para berseň, otellerden ýer tapmak mümkindi. Bu ýyl beýle ‘bagt’ ýok. Iň ýönekeý myhmanhanadan ýer almak üçin hem 10 müň manat para bermeli” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran çeşme aýtdy.
Ýöne soralýan paranyň möçberi myhmanhanalaryň hiline, derejesine görä ýokarlanýar diýip, ol sözüni dowam etdirdi:
“Hazar”, “Gämi” myhmanhanalaryndan, “Rowaç” , “Tolkun”, “Täjir”, “Ýelken” kottežler toplumyndan ýer aljak bolsaň, 10 gün bolmak üçin 20 müň, 30 müň manat möçberinde para bermeli. “Hazar” oteliniň restoranynda bir maşgala bolup, ortaça naharlanmak üçin 1500 manat çemesi pul gerek, bir adam bolup ertirlige 1 amlet, 1 salat, 1 kofe alsaň, 300 manat çemesi pul tölemeli bolýar” diýip, çeşme öz tejribesini paýlaşdy.
“Awazada” çagalar üçin aýratyn oýun ýerleri, deňiz suwundan doldurylan telper howuzlar, aýratyn barlar, ähli şert bar, ýaşlar üçin konsertler, disko barlary gije sagat 3-e çenli işleýär diýip, söhbetdeşlerimiz aýdýar.
Ýöne “Awazada” ýaşy bir çene baran adamlar, dynç alşa çykan ýaşulular, deňiz boýunda saglygyny gowulandyrjak garrylar üçin gowy, ýaramly şertler tasdan ýok, göz öňünde tutulmaýar diýip, çeşme aýtdy.
"Baýlaryň çagalary uzak gije meýlis gurýarlar"
“Ýaşuly adamlar goh-galmagala çydamaýar, deňiz ýakasynda bedenine, beýnisine dynç bermäge gelen garrylaryň dynç almak mümkinçiligi örän çäkli. Baý adamlaryň çagalary gijesi bilen otaglarynda meýlis guraýarlar, olaryň gohundan ýatyp bolmaýar” diýip, çeşme aýtdy.
Awaza milli syýahatçylyk zolagy, resmi maglumata görä, örän täsin jana şypaly ýumşak howasy we baý tebigy mümkinçilikleri bilen tapawutlanýan, ekologik taýdan arassa zolak bolup durýar.
Degişli maglumat Suwsuz deňiz. Türkmenistanyň kaşaň dynç alyş zolagyndan suw çekilýärBu taslama Türkmenistanyň diňe özünden 1 milliard ABŞ dollaryndan gowrak serişdäniň goýberlendigi aýdylýar we bu maýanyň ýakyn ýyllarda özüni ödemegine, daşary ýurtlularyň, şol sanda dürli ýurtlarda ýaşaýan etniki türkmenleriň hem “Awaza” gelmegine garaşylýardy. Emma çeşmeler daşary ýurtlardan gelen syýahatçylaryň birini hem görmändiklerini aýdýarlar.
Türkmenistan ýurtda ýüzlerçe million dollar harçlanyp gurulýan desgalaryň getirýän girdejileri barada açyk maglumat bermeýär we, türkmen metbugaty wagtal-wagtal uly döwlet serişdesine gurlan desgalaryň hususy eýeçilige satylýandygyny aýdyp, bildiriş çap edýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär