Dasoguzda duzly we tozanly ýel tutup, ençeme ilatly ýeri we ekin meýdanlaryny örtdi. Birnäçe günläp saklanan duzly ümür ýerli ilatyň durmuşyny kynlaşdyrdy. Adatdan daşary tebigy şertlerde pagta meýdanlarynda işleýän ýygymçylar işini dowam etdirmäge mejbur edildi.
22-nji awgustda dörän güýçli ýel duz we tozan bölejiklerini getirdi. Duzly tupan üç güne çekdi.
"Ýurduň demirgazyk welaýatynda anna güni gündiz howa garalyp, şemal turup, adamlary dem almagy kynlaşdy. Başda ýerli ilat tozanly, çägeli howa geçip, gider diýip oýladylar. Ýene ertirki gün ýagny 23-nji awgusta geçen gije asmandan duzly çäge ýere çöküp başlady, topragy duz örtdi" diýip, Azatlygyň habarçylarynyň biri şenbe güni habar berdi.
Degişli maglumat Balkanda we Ahalda tozanly ýel turdy, ýagyn we sil suwlary köçeleri basdyDaşoguzdaky başga bir habarçy ýekşenbe güni beren maglumatynda, dynç günüň ikinji ýarymynda duzly tozanyň täsiri duýulýar diýdi.
"Köçeleri gyzyl duzly tozan örtdi. Adamlara maskasyz dem almak mümkin bolmady. Aral deňzi tarapyndan gelen ýel bilen gelen duzly tozana çäge bölejikleri goşulyp, agyr howa gurşawy emele getirdi. Näsag adamlar kösenýär" diýip, habarçymyz 24-nji awgustda Daşoguzdan habar berdi.
Azatlygyň habarçylary we welaýatyň döwlet edaralarynda işleýän çeşmeleri ýerli häkimiýetler tarapyndan ilata adatdan daşary howa şertleri barada habar berilmändigini we onuň saglyga ýetirip biljek ýaramaz täsirleri barada hiç hili duýduryş edilmändigini belledi.
Näsag adamlar kösendi
"Hökümet we häkimlik tarapyndan bu tozanly tupanyň düzümindäki elementler we olaryň saglyga ýetirip biljek ýaramaz täsirleri hakda ilat habarly edilmedi" diýip, çeşmeleriň biri aýtdy.
Daşoguzly medisina işgärleri keselhanalara dem alyş ýollaryndaky we derisindäki kemçilikler bilen ýüz tutýan adamlaryň köp bolandygyny gürrüň berdiler.
"Ýüz tutýan adamlarda dem gysma, ýürekdäki kemçilikler, dermatit ýagny derisinde dürli örgün we ýaralar emele gelip, lukmanlara ýüz tutýan adam köp boldy. Tozanyň yzýany adamlara ýardam gerek boldy. Emma lukmanlar anyk bir zat aýdyp bilmeýärler" diýip, daşoguzly lukman gürrüň berdi.
Degişli maglumat 'Öňkülerinden has güýçli boldy'. Daşoguzda duzly tupan turdy. WIDEOHabarçylarymyzyň sözlerine görä, ekin meýdanlarynda we hususy hojalyklaryň melleklerinde ösümlikleri duz-tozan örtüp, hasyly zaýalapdyr.
"Gök-bakja önümleri, pomidorlar dessine gurady, olara hamana gerbisid sepilen ýaly boldy" diýip, habarçymyz 24-nji awgustda gürrüň berdi.
Duzly-tozanly howada pagta ýygyldy
Daşoguzda ýüze çykan adatdan daşary agyr howa şertleri oba hojalyk işlerine täsir ýetirmändir.
Habarçylaryň sözlerine görä, ekin meýdanlarynda "hasylyň gök ýapraklaryny we gök otlary duzuň tutuşlygyna örtendigine" garamazdan, daýhanlar we býujetçiler pagta ýygmaga mejbur edilipdir.
"Iň erbedi, tozanda pagta ýygan mejbury ýygymçylaryň tas ählisi näsag bolup, hassahana ýüz tutup başlady" diýip, daşoguzly lukman gürrüň berdi.
Daşoguzlylar şu gezek bolan duzly tupany ozalkylary bilen deňeşdirýärler. Soňky 10 ýyl bäri yzly-yzyna gaýtalanýan bu tebigy hadysa birinji gezek 2014-nji ýylda ýüze çykypdy.
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Daşogzy duzly apy-tupan gurşap aldy
Şondan bäri bu ýagdaýyň adamlaryň saglygyna ýetirýän täsirine ünsi çekýän saglyk wekilleri anonimlik şertinde gürrüňdeş bolup, howplar barada duýduryş berýärler. Emma Türkmenistanyň hökümeti we Saglyk ýolbaşçylary bu ýagdaýy resmi derejede düýpden gozgamaýarlar, hatda tebigy hadysalaryň bolýandygyny agzamaýarlar.
Azatlygyň daşoguzly çeşmeleriniň biri ozalky duzly tupanlary ýatlap, ýetiren täsirleri barada şeýle gürrüň berdi:
"Ozalky tupanlaryň Daşoguz welaýatynda topraga we ilatyň saglygyna ýetiren zyýanly täsiri häzire çenli duýulýar. Duzly çäge tonnalap, Daşogzuň topragyny örtdi, soňky ekin hasyly her ýyl pes bolýar. Ilatyň saglygy ýaramazlaşýar. Onkologiýa keseli ýaşlar has köp döreýär. Hassahanalar rak keselli näsaglardan doly Müňlerçe adam keselden heläk boldy".
Siziň brauzeriňiz HTML5 formatyny goldamaýar
Daşoguzda güýçli duzly tupan turdy
Daşoguzly çeşmeleriň ýene biri, tebigy şertleriň we olaryň ilatyň saglygyna ýetirýän täsirleriniň hökümet tarapyndan boýun alynmazlygyň ýagdaýy agyrlaşdyrýandygyna ünsi çekýär.
"Öýkende, aşgazanda dörän çişden we gan leýkemiýa keselinden ölen adamlaryň sany örän köp. Ýöne hökümet Daşoguz welaýatynyň ekologiýa ýagdaýyny gizlin saklaýar we onuň bu ýagdaýy düzetmek üçin alyp barýan işleri göze ilmeýär" diýip, çeşme aýdýar.
Türkmenistanda resmi taýdan agzalmaýan tebigy hadysalar we olaryň täsirleri barada häkimiýetlerden teswir alyp bolmaýar. Emma soňky iki ýyl bäri ýurtda ilat köpçüliginde onkologiýa barlagyny geçirmek boýunça guramaçylykly işler geçirilýär.
Degişli maglumat "Krizis eýýäm geldi". Suw ýetmezçiligi Türkmenistanyň geljegine abanýan howpdan habar berýärGadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.