Goşun esger tapman kösenýän wagty, ukrain premýer-ministri özüniň erkek doganynyň ýurt daşynda ýaşaýandygyny tassyklady

Ukrainanyň premýer-ministri Ýulia Swyrydenko

Ukrainanyň premýer-ministri Ýulia Swyrydenko Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugyna özüniň erkek doganynyň daşary ýurt döwletinde ýaşaýandygyny tassyklady. Bu maglumat ukrain goşunynyň Russiýanyň dowam etdirýän çozuşynyň fonunda täze esger tapmakda kynçylyk çekýän pursadynda äşgär edildi.

Kiýew Russiýa 2022-nji ýylda doly-gerimli urşa başlaly bäri, 18-60 ýaş aralygyndaky erkek raýatlara ýurtdan çykmagy gadagan edip gelýär.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Swyrydenko 25-nji awgustda bir çärede ýöräp barýarka onuň ýanyna golaýlaşyp, onuň erkek dogany Witaliýniň uruş wagtynda daşary ýurda gidendigi baradaky maglumatlaryň dogry bolup-bolmandygyny sorady.

Swyrydenko ýöremegi dowam etdirip, ‘ol doly-gerimli uruş wagtynda terk etmedi’ diýdi.

Ol eýsem uruşdan öň gidip, dolanyp gelmedimi diýip, gaýta-gaýta soralan soragdan, görnüşinden, ynjalyksyz bolan Swyrydenko ilkibaşda jogap gaýtarmady, ýöne soňy bilen ‘ol daşary ýurtda ýaşaýar’ diýip, jogap berdi.

Degişli maglumat MA ýurtlarynyň üçüsiniň prezidentleri Zelenskini Ukrainanyň Garaşsyzlyk baýramy bilen gutlady

Dokumentler Witaliý Swyrydenkonyň 2022-nji ýylyň awgust aýynda Londonda bir gozgalmaýan emlägi kireýine alandygyny görkezýär.

Swyrydenkonyň teswirleri kanun bozmalara yşarat etmeýän-de bolsa, bu ýagdaý uruş wagtynda Ukrainada raýatlara degişli syýahat gaganlyklarynyň nä derejede adalatly ýerine ýetirilýändigi barada, şeýle-de syýasy aýdyňlyk bilen bagly talaplar dogrusynda dowam edýän çekişmeleri alawlandyrýar.

Harby ýagdaý

Ukrainada erkek raýatlaryň daşary ýurtlara syýahat etmegini çäklendirýän harby ýagdaýyň girizilmegi maşgalalary aýraçylyga sezewar etdi, raýatlaryň daşary ýurtlardaky iş we okuw mümkinçiliklerini bökdedi, şeýle-de serhet barlag-geçiriş nokatlarynda dartgynlylyklaryň döremegine ýol açdy.

Ukrain mediasy ýönekeý raýatlaryň döz gelýän kynçylyklary bilen syýasy elitanyň maşgala agzalarynyň peýdalanýan artykmaçlyklary barada beýan edilýän şikaýatlar barada habar berdi.

Şeýle-de, ukrain media serişdeleri syýahat gadaganlygynyň serhetden bikanun geçilmegi bilen bagly ýagdaýlaryň, galp ýaramsyzlyk hasabatlarynyň, hem-de parahorlygyň artmagyna ýol açandygyny habar berdiler.

Ukrainanyň premýer-ministri Ýulia Swyrydenkonyň erkek dogany Witaliý Swyrydenko

37 ýaşly Witaliý Swyrydenko “Halkyň hyzmatkäri” partiýasynyň Çernihiw sebit geňeşiniň öňki agzasy bolup durýar. Ol 2022-nji ýylyň fewralynda rus çozuşy başlamazdan ozal bu işden öz islegi bilen çekildi.

Munuň yz ýany, onuň Londona göçmegi jemgyýetçilik tarapyndan bilindi. Habarlara görä, onuň gyz dogany bu ýagdaýy geçen aý özüniň premýer-ministr wezipesi üçin göz öňünde tutulmagynda gowşaklyk hökmünde hasaplady.

“Halkyň hyzmatkäri” partiýasyny geçen ýyl terk eden garaşsyz kanun çykaryjy Marýana Bezuhla bu iş boýunça teswir berip, ‘resmiler özleriniň dogan-garyndaşlarynyň kabul eden kararlary boýunça jogapkärçilige çekilip bilinmeseler-de, şeýle oňaýsyz soraglara jogap bermelidirler’ diýdi.

Bu jedel ukrain goşunynyň esgerleriň harby gullukdan gaçmagy we raýatlary harby gulluga çagyrmagyň depgininiň pes bolmagy sebäpli esger kynçylygyny başdan geçirýän wagtynda bolup geçýär.

Häzirki wagtda, 25 ýaşdan ýokary erkek raýatlar harby gulluga çagyrylyp bilinýär. Bu ýurt raýatlary harby gulluga çagyrmagyň ýaş çägini aşaklatmagy göwnemän gelýär.

Degişli maglumat Zelenskiniň geňeşçisi: Ukraina has köp ýarag soraýar, Russiýa parahatçylyk bilen 'gyzyklanmaýar'

Ukrainanyň parlamenti häzirki wagtda ýaşy 25-den aşak bolan raýatlaryň daşary ýurtlara syýahat etmegine rugsat berýän kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşýar. Kanun taslamasyny goldaýan adamlar bu çäräniň maşgalalaryň üstündäki basyşy ýeňletjekdigini, şeýle-de ýurdy bikanun terk etmäge synanyşýan ýaş raýatlaryň sanyny kemeltjekdigini aýdýarlar.

Goldawçylara görä, häzirki ähliumumy syýahat gadaganlygy daşary ýurtlarda kanuny esasda iş we okuw mümkinçiliklerini gözleýän adamlara päsgelçilik döredýär, şol bir wagtda, korrupsiýany hem-de jemgyýetçilik ynamsyzlygyny höweslendirýär.

Ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenski hökümet agzalaryny we harby resmileri ýurduň söweşjeň taýýarlygyny gowşatmazdan, ýaş raýatlaryň serhetden geçmegine degişli çäklendirmeleri gowşatmagyň ugurlaryny gözlemäge çagyrdy.