Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy Türkmenistanda we Özbegistanda nägilelik döretdi

Minsk. Alyşir Nowaýynyň heýkeli

Owganystanyň “Talyban” dolandyryjylarynyň Gündogaryň beýik akyldary we nusgalyk şahyry Alyşir Nowaýynyň ýadygärligini dolulygyna sökmegi türkmen intelligensiýasynyň arasynda, şeýle-de ýerli özbek azlyklarynda uly nägilelik döretdi diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär.

Metbugat habarlaryna görä, Mazery-Şerif şäheriniň üçünji etrabyndaky telekommunikasiýa meýdançasynda ýerleşýän, 17 ýyl çemesi mundan öň gurlan ýadygärlik golaýda doly sökülip aýryldy.

“The Times of Central Asia” neşiriniň ýazmagyna görä, bu karar Özbegistanyň medeniýet wekilleriniň we resmileriniň tankydy pikirlerine sezewar boldy. Olar "Talybanyň" beýleki halklaryň ruhy mirasyny äsgermezçilik edýändigini, sebitiň taryhy we medeni özboluşlylygyny ýok edýändigini öňe sürdüler.

"Özbegistanyň Daşary işler ministrligi beýik şahyr we akyldar Alyşir Nowoýynyň Mazary-Şerifdäki ýadygärliginiň sökülendigini eşiden badyna, resmi düşündiriş almak üçin, 21-nji awgustda Owganystanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri bilen habarlaşdy" diýip, özbek DIM-niň metbugat sekretary Ahror Burhonow aýtdy.

"Talyban" heýkel ýykyp, 'syýasy yşarat' edýärmi?

Aşgabadyň ýokary okuw mekdepleriniň birinde gündogar edebiýaty we türki dilli edebiýat teoriýasy boýunça sapak beren öňki mugallymyň bellemegine görä, “Talyban” režiminiň Nowaýynyň mirasyna görkezýän garşylygy Owganystandaky türki dilli halklaryň, has-da türkmen we özbek halklarynyň medeniýetine we owgan jemgyýetçiligindäki ornuna bolan çydamsyzlygyny aňlatmak bilen çäklenmän, goňşy Özbegistana we Türkmenistana iberýän "syýasy yşaraty" bolup görünýär.

Degişli maglumat Putin Pyragynyň adyny gaýta-gaýta ýalňyş aýtdy: "Bu türkmen halkyny äsgermezlik bolýar"


"Bu herekete aç-açan seretmeli, bu dogrudan-dogry diňe bir özbek halkyna we medeniýetine däl, eýsem, tutuş türki dilli owganystanlylara garşy hereket, şeýle-de Özbegistana we Türkmenistana "syýasy signal". Ol signalyň esasy manysy, meniň pikirimçe, "ine, serediň, biz, Talyban Owganystanyň ýeke-täk eýesi we doly hukukly dolandyryjylary, bize siziň Nowaýyňyzam, türkmen-özbek, umuman türki dilli medeniýetiňizem gerek däl. Şonuň üçin biziň içerki işimize goşulaýjak ýa Owganystandaky milli diasporalaryňyza kömek edäýjek bolmaň" diýen terzde bolmaly" diýip, baýry mugallym öz pikirini aýtdy.

Anonimlik şerinde gürlen magaryfçy Özbegistanyň bu habar babatynda passiw reaksiýasyny, Türkmenistanyň bolsa doly sessizligini ýazgardy we iki döwletiň ýolbaşçylarynyň Owganystandaky owgan medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan türki dilli medeniýeti goramalydygyny nygtady.

"Özbegistanyň DIM-i bu meselede ýeke özi, onda-da kanagatlanarsyz derejede passiw, hereket etmeli däl. Daşkent we Aşgabat bilelikde Talybana ýüzlenme bilen çykyş edip, umumy medeni mirasa hormat goýmagy, Owganystandaky milli azlyklaryň, şol sanda türkmenleriň we özbekleriň medeni hukuklarynyň goralmagyny talap etmeli” diýip, ol bu meseleden halkara guramalaryny hem habardar etmelidigini belledi.

Taryh, edebiýat wekilleri 'Talybanyň" hereketleriniň ýazgarylmagyny isleýär

Nowaýynyň Owganystandaky heýkeliniň ýykylmagy taryh, edebiýat wekillerinde, halkara gatnaşyklary bilermenlerinde hem nägilelik döretdi.

Habarçymyzyň ýazmagyna görä, olar türkmen we özbek resmileriniň bu hili meselede “Talybanyň” hereketlerini berk ýazgarmagyny isleýärler.

Görnükli akyldaryň ýadygärliginiň sökülmegi Türkmenistanyň özbek azlyklarynyň arasynda hem nägilelik döretdi.

Lebap welaýatynyň Kerki, Köýtendag etraplarynyň, Türkmenabat şäheriniň, Mary welaýatynyň Mary we Baýramaly şäherleriniň ýaşaýjylary Nowaýynyň owgan özbekleri bilen bir hatarda owgan türkmenleri üçin hem milli akyldar we buýsanç bolup durýandygyny aýtdylar.

"Meniň Mazary-Şerifde ençeme garyndaşym bar, olaryň birnäçesi bilen aragatnaşyk saklaýarys. Olar her gezek özara gürrüňdeşlikde Owganystanda özbek we türkmen halklarynyň bir-janu-bir-ten bolup ýaşaýandygyny aýdýarlar. Soňky habary olar aýylganç waka hökmünde belläp, munuň Talyban režiminiň özbek we türki medeniýetlere bolan aňrybaş çydamsyzlygyny görkezýändigini aýtdylar" diýip, kerkili Şahzod aga Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Degişli maglumat Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy


Anonimlik şertinde gürleşen söhbetdeşlerimiziň käbiriniň ynanjyna görä, Owganystandaky medeni çydamsyzlyga Özbegistanyň awtoritar häkimiýetleriniň passiw reaksiýasy sebäp bolýar.

“...bir birine medal dakyp, sowgat bermek bilen başagaý bolan liderler"

"Talybanyň şeýle hereket etmegine hut Daşkentiň passiw reaksiýasy we Aşgabadyň tabyt dymyşlygy sebäp bolýar. Özbek we türkmen režimleri öz milli azlyklarynyň hak-hukuklaryna hiç haçan bolmalysy ýaly, halkara ynsan hukuklary meselesi hökmünde seretmeýär. Şu sebäpden hem Türkmenistandaky etniki özbekler meselesi, ýa Özbegistandaky etniki türkmenler meselesi bu iki ýurdy gyzyklandyrmaýar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, “telewideniýede görünmek üçin bir-birini gujaklap, öpüşüp ýören, bir birine medal dakyp, sowgat bermek bilen başagaý bolan liderler hakykatda iki doganlyk halkyň iň bir derwaýys meselelerini ne resmi derejede boýun alýarlar, ne-de oňaýly çözýärler”.

Bu pikir bilen adynyň aýdylmazlygyny soran mekdep mugallymasy hem ylalaşdy.

“Hakyky ynanyşmagyň we halk bilen dialogyň ýokdugy sebäpli, özbek we türkmen režimleri Owganystanda galan ildeşlerimize hiç hili maddy we syýasy kömek berip bilenok" diýip, Magdanlyda ýaşaýan mekdep mugallymasy aýtdy.

Maglumat üçin aýdylsa, owgan resmileri bu heýkeliň ýerleşýän ýeriniň Nowaýynyňmertbesine o diýen laýyk gelmändigini we onuň başga ýerde, öz ady dakylan meýdançada täze ýadygärlik toplumynyň guruljakdygyny aýdypdyrlar.

Häzirki Owganystanyň Hyrat şäherinde doglan we 1441-1501 ýyllar aralygynda ýaşap, yzynda uly edebi miras galdyran Alişer Nowaýy türkmen halkynyň arasynda öz zamanasynyň uly döwlet işgäri, ökde dilçi, tanymal sazanda, meşhur suratkeş, zähmetkeş halkyň hemaýatçysy, ylma, medeniýete hormat goýan uly halypa hökmünde tanalýar.

Nowaýynyň eserleri, ol barada döredilen rowaýatlar we şorta sözler Türkmenistanda “Myraly we Soltansöýün” (1941) we “Myraly” (1948) atlary bilen ýörite kitapça görnüşinde çap edildi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýäri