Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus goşunlary Ukrainanyň Poltawa, Herson we Sumy sebitlerine hüjüm etdi


Rus goşunlary 27-nji awgusta geçilýän gije Ukraina 95 pilotsyz uçar bilen hüjüm etdiler diýip, Ukrainanyň Howa güýçleriniň serkerdeligi habar berdi.

Ukrain goşunynyň maglumatyna görä, howa goranmak güýçleri ir sagat 9: 00-a çenli 74 sany pilotsyz uçary urdy ýa-da olaryň öňüni aldy. 21 dronyň dokuz ýere urandygy hasaba alyndy.

Poltawa sebit harby administrasiýasynyň başlygy Wladimir Kogut Poltava sebitinde energiýa pudagyna degişli kärhananyň zyýan çekendigini aýtdy. Dolandyryş binalaryna, awtoulaglara we enjamlara zyýan ýetdi. Hüjüm ilatyň bir böleginiň elektriksiz galmagyna sebäp boldy, ýöne soň elektrik üpjünçiligi dikeldildi.

Hersonda ruslaryň uran zarbalaryndan iki adam ýaralandy.

Rus harbylary Sumy jemgyýetiniň etegine hem pilotsyz uçar hüjümini etdiler.

Sumy sebit harby administrasiýasynyň başlygy Oleg Grigorowyň sözlerine görä, infrastruktura desgalaryna zyýan ýetdi, hiç kim ýaralanmady.

XS
SM
MD
LG