Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Goşun gullugyndaky esgerler ene-atasynda azyk soraýar, harby ýolbaşçylary tarapyndan 'talanýar'


Türkmenistan. Goşun bölümlerinde esgerleriň açlyk, hapaçylyk ýaly şertlerde saklanmagy we zuluma sezewar edilmegi köpçülige wagtal-wagtal mälim bolýar.
Türkmenistan. Goşun bölümlerinde esgerleriň açlyk, hapaçylyk ýaly şertlerde saklanmagy we zuluma sezewar edilmegi köpçülige wagtal-wagtal mälim bolýar.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde goşun gullugyny berjaý edýän raýatlar dürli eden-etdiliklere we bikanunçylyga sezewar bolýar. Azatlyga ýurduň dürli böleklerinde ýerleşýän birnäçe goşun bölümindäki ýagdaý mälim boldy.

Türkmenistanyň harby bölümleriniň esgerleri açlyk sebäpli öýlerine jaň edip, yzlaryndan gelmeklerini ýa-da ofiserleriň telefonlaryna pul geçirmegi soraýarlar diýip, Azatlygyň habarçysy 25-nji awgustda habar berdi.

"Gündelik berilýän naharlary iýer ýaly däl, çöregiň ysyndan ýaňa ony iýip bolmaýar. Ýaňy gulluga gelen esgerler açlykdan özlerinden gidýär" diýip, çeşmeleriň biri Azatlyga gürrüň berdi.

Harby bölümleriň ofiserleri esgerlere öz şahsy telefonlaryndan öýlerine jaň etmäge rugsat berýärler we esgerden hossarlaryna jaň edip, pul ýollamagy we azyk getirmegi soranlary üçin ýene-de pul alýarlar.

"Esgerler gürleşenleri üçin 5-10 manat pul tölemeli. Esgeriň ýakynlary ofiseriň telefon nomerine pul oklap, öz çagasynyň iýjek zatlaryny alyp bermegini haýyş edyärler. Maşgala ýagdaýyna görä, ofiseriň telefonyna 200 manat geçirse, esgeriň eline şol salynan puluň ýarsy berilýär. Bu bolsa ofiserlere girdeji getirýär" diýip, çeşme aýtdy.

Şeýle-de, esgerleriň egin-eşikleri, arassaçylyk serişdeleri üçin ýene-de ene-ata pul ýollamaly bolýar.

Goşun gullugyndaky agyr şertlerdeesgerlere ene-atalaryna bil baglamak ýeke-täk çykalga bolýar.

Esgerleriň şahsy maliýe serişdeleri ellerinden alynýar, gulluk döwründe döwlet tarapyndan berilmeli ujypsyz pul serişdeleri hem esgerlere elýeterli bolmaýar.

"Gulluk borjuny berjaý edýän esgerlere berilmeli pul serişdeleri serkerdeleri tarapyndan alynýar. Harby bölümlerde serkerdeler öz garamagyndaky esgerleriň bank kartlaryny ellerinden toplap alýar we özünde saklaýar. Her aýda Goranmak ministrliginiň maliýe we hasabat müdirligi tarapyndan esgerleriň hasabyna pul geçirilensoň harby ýolbaşçylar kartlardaky puly çekip alýarlar" diýip, çeşme gürrüň berdi.

Çeşmeleriň sözlerine görä, esgerleriň bank kartlaryndaky pul bank işgärleriniň kömegi bilen nagtlaşdyrylýar, bu hyzmatyň resmi bolmadyk tölegi 20 manada barabar bolýar.

"Serkerdeler esgerleriň pulunyň bir bölegine arassaçylyk serişdeleri diş ýuwýan, iňňe-sapak we köwüşleri garalamak üçin ýag ýaly zatlary satyn alýar, galan pul öz garamagynda galýar" diýip çeşme gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde hökmany harby gullugy berjaý edýän raýatlar üçin kanunda göz öňünde tutulan töleg barada resmi maglumat 2017-nji ýylda çap bolupdy, şonda her bir esgere 68 manat tölenýändigi görkezilipdi. Bu resmi kurs boýunça 20 dollardan azyrak, gara bazaryň nyrhy boýunça 3,4 dollara barabar.

Harby bölümlerdäki ýagdaýdan habarly çeşmelere görä, esgerleriň puly gulluk möhletiniň tas tutuş dowamynda alynýar, diňe soňky aýlarda geçirilýän maliýe serişdeleri esgerlere elýeterli bolýar.

"Iki ýyl hökmany gulluk borjuny berjaý edýän esgerler gulluk wagtynyň bir ýyl on aýynyň dowamynda özleriniň bank kartlaryny görmeýär. Diňe galan soňky iki aýynda esgerlere bank kartlary paýlanyp berilýär, olar demobilizasiýa bolup öýlerine dolanýança ulanyp bilýär" diýip, çeşme aýdýar.

Öňki esgerler goşun gullugynyň dowamynda özlerinde şikaýat etmek üçin hiç hili mümkinçiligiň bolmandygyny gürrüň berdiler. "Harby bölümlerde Milli howpsuzlyk ministrligine degişli gözegçiler bardy, emma olar bikanunçylyklardan habarly bolsalar-da, bu ýagdaýlara göz ýumup, görmezlige salýarlar" diýip, öňki esger gürrüň berdi.

Esgerler pagta ýygýar

Şu günler ýaragly güýçlerde gulluk edýän esgerler pagta ýygymyna alnyp gidilýär. Olar ekin meýdanlarda mugt iş güýji hökmünde ulanylýar, olara agyr zähmeti üçin pul tölenmeýär.

Ýurdunyň öňünde harby borjuny ýerine ýetirýän döwründe türkmen raýatlary oba hojalyk işlerinde, gurluşykda işledilýär, şeýle-de harby ýolbaşçylar tarapyndan hususy hojalyklarda iş güýji hökmünde ulanylýar.

Esgerler gorky we sütem astynda bu ýagdaýa boýun bolmaly bolýar. "Käbir esgerler ofiserler we uly esgerler tarapyndan görkezilýän ezýetlere çydaman janyna kast edýär" diýip, ýaňy-ýakynda goşun gullugyny tamamlan esger gürrüň berdi.

Türkmenistanyň ýaragly güýçlerinde gulluk etmek 18 ýaşdan 27 ýaş aralygyndaky erkek raýatlar üçin hökmany hasaplanýar. Doly gulluk möhleti 24 aý dowam edýär, ýokary bilimli raýatlar üçin 12 aý gulluk göz öňünde tutulýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG