Russiýanyň Birleşen Ştatlarda hatda ýaňy-ýakynda bolup geçen iki sammitden soňra hem, ‘parahatçylyk’ bilen gyzyklanmaýandygy barada bar bolan aladalaryň arasynda, Ukraina Günbatardan has köp ýarag soraýar diýip, ukrain prezidenti Wolodymyr Zelenskiniň ýokary derejeli maslahatçysy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Häzirki zaman telekanalyna gürrüň berdi.
Mihail Podolýak 25-nji awgustda beren interwýusynda Kiýewiň “garşylyklavyn operasiýalary amala aşyrmakda zerur bolan dürli görnüşli gurallaryň üpjünçiligini ýokarlandyrmak” boýunça ABŞ we ýewropa ýurtlary bilen “işjeň geňeşmeleri” geçirýändigini aýtdy.
“Biz Russiýanyň häzirki harçlamalaryna – olaryň front çyzygynyň ugrunda ýa-da çuň ukrain çägine aralaşmakda nähili serişdelerden peýdalanýandyklaryna düşünýäris” diýip, 2020-nji ýyldan bäri Zelenski administrasiýanyň möhüm agzasy bolan Podolýak aýtdy.
“Şoňa laýyklykda, ýaraglaryň belli-belli görnüşleriniň Ukraina getirilmegini ýokarlandyrmak dogrusynda geňeşmeler we gepleşikler dowam edýär... Uzak aralyk raketalary, uzak aralyk dronlary – bu şu günki günüň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar, bular, hakykatdan-da, urşuň barşyna netijeli täsir etmegimize mümkinçilik berýärler” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
ABŞ prezidenti Donald Trampyň rus prezidenti Wladimir Putin bilen 15-nji awgustda Alýaskada, şondan üç gün soňra Zelenski we ýewropa liderleri bilen Ak tamda geçiren duşuşyklarynyň yz ýany, Russiýa Ukrainada 2022-nji ýylyň fewral aýynda girişen doly-gerimli çozuşynda basyşy güýçlendirýär.
Geçen gije Ukrainanyň Sumy sebitine edilen rus hüjüminde bir asuda raýat öldürildi, başga-da dokuz adam şikes aldy. Soňky 24 sagadyň dowamynda front çyzygynyň ugrunda onlarça söweş bolup geçdi, olaryň ençemesi Donetsk sebitiniň harabaçylyga öwrülen Pokrowsk şäheriniň golaýynda boldy diýip, 25-nji awgustda ukrain resmileri aýtdy.
Moskwa parahatçylygy gazanmagyň mümkinçiliklerini hem pese gaçyryp gelýär. Ýanwar aýynda wezipä girişeli bäri urşuň soňlanmagyna araçylyk etmäge synanyşyp gelýän Tramp bu ýygnaklarda, hususan-da soňky dört ýylda ilkinji gezek ABŞ prezidenti bilen Putin arasynda geçirilen sammitde, Putin bilen Zelenskiniň ýüzbe-ýüz duşuşygyny gazanmak üçin basyş etdi. Iki lider 2019-njy ýyldan bäri ikiçäk duşuşman gelýär.
Zelenski Putin bilen duşuşmak barada ylalaşdy we maý aýynda Stambulda pesräk derejede geçirilen parahatçylyk gepleşiklerinde hem şeýle duşuşyga isleg bildiripdi. Zelenski 24-nji awgustda Ukrainanyň Sowet Soýuzyndan 1991-nji ýylda garaşsyzlygyny jar etmeginiň 34 ýyllygy mynasybetli geçirilen çärelerde eden çykyşynda Putin bilen boljak duşuşygyň “öňdäki iň täsirli ýol bolup biljekdigini” aýtdy.
Ýöne Russiýa şeýle duşuşygy göwnemän gelýär we özüniň häzirki wagtda ýa-da bu golaýda Putin – Zelenski duşuşygyna taýýar däldigini yşarat edip gelýär. “Putin sammitiň gün tertibi taýýar bolanda Zelenski bilen duşuşmaga taýýar. Ýöne gün tertip heniz düýbünden taýýar däl” diýip, Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow “NBC News” telekanalynda 22-nji awgustda efire berlen interwýusynda aýtdy.
“Eger-de Russiýa urşy soňlamak boýunça, ýa-da hiç bolmanda, urşy soňlamagyň ähtimal senariýalary barada ak ýüreklilik bilen hakyky gepleşik geçirmäge isleg bildirende”, Iki prezidentiň duşuşygy “elbetde” mümkin bolardy diýip, Podolýak Häzirki zamana aýtdy. “Ýöne meniň düşünişime görä, şeýle-de görnetin mälim bolşy ýaly, Russiýa duşmançylygy soňlamaga, hususan-da raýat desgalaryny we asuda ilaty oka tutmagy bes etmäge gyzyklanma bildirmeýär” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.
Russiýanyň häzirki uruş syýasaty üç sany esasy elemente esaslanýar diýip, Podolýak aýtdy. “Birinjilik bilen, wagt utmak – şeýle maksatlar bilen, olar hamala gepleşmäge isleg bildirýän ýaly bolup, ABŞ-ny bilgeşleýin ýalňyş ugrukdyrdylar. Ikinjilik bilen, olar hiç hili şertde ot açmagy bes etmek pikirini, ot açmagy bes etmegiň islendik giň ölçegli meýilnamasyny, şol sanda Trampyň töwereginde gepleşilen planlary, hatda Trampyň özi tarapyndan hödürlenýän meýilnamany kabul etmezlik. Üçünjiden, mundan beýläk giriziljek sanksiýalaryň öňüne geçmeklik” diýip, ol belledi.
“Gönüläp aýdylanda, Russiýa prezident derejesindäki, Putiniň derejesindäki islendik gepleşik synanyşygyna öýkünip gezer, ýöne hakykat ýüzünde, ol oňa gyzyklanma bildirmez” diýip, Podolýak aýtdy.
Lawrow “NBC News” telekanalynda aýdan belliklerinde Alýaska sammitiniň hem-de 18-nji awgustda geçirilen Waşington ýygnanyşygynyň yz ýany ýewropalylar tarapyndan aýdylan teswirleriň “olaryň parahatçylyk islemeýändigini” görkezýändigini ileri sürdi. Şeýle-de, ol Ukrainanyň Günbatar goldawçylarynyň, parahatçylyk gazanylan halatynda, Kiýewi howpsuzlyk kepillikleri bilen üpjün etmek meýilnamalaryna garşylyk beýan etdi.
Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzalarynyň – Hytaýyň, Fransiýanyň, Russiýanyň, Britaniýanyň hem-de Birleşen Ştatlaryň – Ukrainanyň howpsuzlygyna kepil geçmelidigini aýtdy. Kiýew we onuň ýaranlary Moskwanyň howpsuzlyga kepil geçijileriň hataryna goşulmagyny ret edip gelýär, Zelenski Pekiniň bu ugurda rol almak mümkinçiliklerini hem ret edýär.
Forum