Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işleri ministrleri telefonde gürleşdi


Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gepleşikler wagtynda. Arhiw suraty
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow gepleşikler wagtynda. Arhiw suraty

25-nji awgustda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, halkara syýasy arenada özara hyzmatdaşlyk etmegiň ähmiýetini bellediler diýip, habarda anyklaşdyrylman aýdylýar.

Şeýle-de, iki ýurduň DIM-leriniň şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda gol çekilen Hyzmatdaşlyk maksatnamasyna laýyklykda, olaryň daşary işler ministrleri derejesindäki işjeň syýasy dialogy dowam etdirmek barada ylalaşandygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG